milli goshun logo
Hünär bäsleşigi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň iň ökde şepagat uýalaryny kesgitledi
Hünär bäsleşigi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň iň ökde şepagat uýalaryny kesgitledi
07.03.2020 1579 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan guralan «Ýylyň iň ökde şepagat uýasy» hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Halkara zenanlar gününiň bosagasynda guralýan bu çäre Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda we harby bölümleriň lukmançylyk nokatlarynda zähmet çekýän şepagat uýalarynyň harby-lukmançylyk taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

– Şepagat uýalary dürli şertlerde harby gullukçylara kömek bermegi başarmaly we adatdan daşary ýagdaýlara hemişe taýyn bolmaly. Milli goşunymyzyň söweşe ukyplylygy şepagat uýalarynyň taýýarlygyna hem baglydyr. Şonuň üçin-de, şeýle bäsleşikleri geçirmek gaty möhümdir. Bäsleşikler şepagat uýalarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, bäsdeşlik ruhuny döretmäge, hünäre bolan söýgini artdyrmaga we bu hünäriň iň gowy wekillerini höweslendirmäge kömek edýärler – diýip, bäsleşigiň emin agzasy Nurymyrat Çaryýew habarçymyza aýtdy.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar lukmançylyk ugry boýunça nazary bilimlerini barlaýan on bäş minutlyk synagdan geçdiler. Soňra olar ilkinji lukmançylyk kömegini bermekde ukyp-başarnyklaryny görkezip, on minutlyk amaly ýumuşy ýerine ýetirdiler.

Bu bäsleşige gatnaşmak üçin uzak wagtlap taýýarlyk gören gatnaşyjylaryň hemmesi ýokary derejede çykyş etmegi başardylar. Tejribeli harby lukmanlardan ybarat bolan emin-agzalar topary bäsleşige gatnaşyjylara adalatly baha berdiler.

Netijede, bäsleşikde Ogulnar Baýramowa I orna, Ogulnar Atdaýewa II orna, Bahargül Öräýewa III orna mynasyp boldular. Baýrakly orunlary eýelän we bäsleşige işjeň gatnaşan şepagat uýalaryna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

«Milli goşun».