milli goshun logo
Howa giňişligimiziň goragçylary
Howa giňişligimiziň goragçylary
27.09.2019 1757 Harby özgertmeler

Dabaraly harby ýörişde ata Watanymyzyň howa giňişliginiň asudalygyny üpjün etmekde uly orun eýeleýän Harby howa güýçleriniň harby gullukçylary howa tehnikalaryna birkemsiz erk edýändiklerini ýokary hünär endikleri arkaly subut etdiler. Dürli söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenen uçarlar we dürli görnüşli dikuçarlar asuda asmanyň bürgütleri ýaly uçup geçdiler.

Harby gullukçylar dürli öwrümler bilen uçmagy üstünlikli başaryp, ussatlygyň iň ýokary derejelerini görkezdiler. Bu bolsa, harby gullukçylaryň hünär taýýarlygynyň ýokary derejededigini ýene-de bir gezek görkezdi.

Dabaraly harby ýörişiň dowamynda howa tehnikalarynyň suratlaryna giňişleýin «Multimediýa» bölümimizde syn edip  bilersiňiz!

«Milli goşun».