milli goshun logo
Hoşniýetli goňşuçylyk türkmen-özbek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň binýadydyr
Hoşniýetli goňşuçylyk türkmen-özbek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň binýadydyr
08.11.2022 634 Habarlar

7-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara syýasatyň we sebit gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da meňzeşdigi kanagatlanma bilen bellenildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda iki goňşy döwletiň arasynda işjeň syýasy dialog ýola goýuldy. Türkmen-özbek söwda-ykdysady gatnaşyklary depginli ösdürilýär, ylym, bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk üstünlikli giňeldilýär hem-de pugtalandyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, parlamentara gatnaşyklar hem ösdürilýär. Taraplaryň pikiriçe, munuň özi bar bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirýär.