milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy
Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy
25.10.2023 761 Habarlar

Şu gün – 25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iki günlük resmi sapary başlandy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň bu dostlukly ýurda amala aşyrýan ilkinji resmi sapary hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 3-nji iýunynda türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýäniň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşypdy.

Döwlet Baştutanymyzyň sapary mynasybetli Ankara şäheriniň «Esenboga» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, şeýle-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Soňra howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş terminalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, ertir Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde türkmen-türk gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Ýokary derejeli duşuşyklar tamamlanandan soňra gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalar bolsa döwletara gatnaşyklarda ozal hereket edýän ylalaşyklaryň üstüni ýetirer. Saparyň çäginde guraljak Türkmen-türk işewürlik maslahaty, öz gezeginde, işewürlik ugurly gatnaşyklary ösdürmegiň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýolunda möhüm waka bolar.

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.