milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze möhüm desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze möhüm desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
10.11.2022 1476 Habarlar

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine kuwwatly itergi berýändigini nygtady. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Aşgabat şäherinde birnäçe önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalary yzygiderli gurup ulanmaga berýäris. Şu gün hem paýtagtymyzyň günorta tarapynda gurlan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp, işe goýberýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu döwrebap desgalar toplumynyň jemi uzynlygy 49 kilometre barabardyr. Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynda täze binagärlik hem-de inženerçilik çözgütleri, häzirki zaman sanly tehnologiýalary ulanyldy.

Bu döwrebap desgalar toplumy suw saklaýjy açyk howuzlary, köprüleri, suw sorujy beketleri, 34 kilometrden gowrak beton bilen berkidilen kanallary, 8 kilometrden gowrak turba geçirijileri we beýleki inženerçilik ulgamlaryny öz içine alýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.