milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi
11.09.2022 1189 Habarlar

10-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir bilen welaýatyň täze edara ediş merkezine gelip, gurluşyk işleriniň barşy, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy hem-de bu ýerde gurulýan binalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Merkeziň çäginde gurulýan medeni-durmuş maksatly binalaryň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz merkeziň ýanynda ýerleşýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligine degişli bagçylyk we üzümçilik meýdanyna geldi.

Müdirligiň ýolbaşçysy bu ýerde üzümleriň örän köp görnüşiniň ösdürilip ýetişdirilýändigini, «kärizek» üzüminiň ekilenine 4 ýyl bolandygyny we onuň doly hasyla durandygyny habar berdi. Milli daýhançylyk däpleri bilen häzirki zaman ylmynyň utgaşdyrylmagynda döredilen üzümiň täze görnüşi ýokary hasyllylygy, süýjüligi we durumlylygy bilen tapawutlanýar.

Döwlet Baştutanymyz müdirligiň üzümçilik meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän üzümleriň görnüşleri bilen hem tanyşdy. Bu ýerde üzümiň 10 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Olar «kärizek», «şaserpaý», «taýpy», «rowaç», «türkmen içkimar», «sary kişmiş», «sagdäne», «garrygala», «akdäne», «gyzyl üzüm» ýaly görnüşlerden ybaratdyr. Olaryň her biriniň ähmiýetli tarapy bolup, ýokumlylygy we süýjüligi babatda biri-birinden tapawutlanýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirligine degişli ekerançylyk meýdanlarynyň çäginiň giňeldilmeginiň, ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň görnüşleriniň artdyrylmagynyň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.