milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine gatnaşdy
15.10.2022 378 Habarlar

14-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitiniň mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine altytaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi bilen bagly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.

Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlarynyň möhüm meseleleri boýunça içgin hem-de gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişine seljerme hem-de syn berildi, geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Sammitiň jemleri boýunça döwlet baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Ol Ýewraziýa giňişliginde sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini öz içine aldy. Bu möhüm resminamada şeýle hem syýasy we howpsuzlyk, söwda-ykdysady ulgamlarda, medeni-ynsanperwer ugry boýunça mundan beýläkki gatnaşyklaryň geljegi beýan edildi.