milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
15.10.2022 433 Habarlar

14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Sammitiň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda GDA döwletleriniň howpsuzlygynyň üpjün etmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirip pikir alşyldy.

Ykdysadyýet özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleriniň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatlaryň erkin söwdasy hakyndaky ylalaşygyň taslamasyna gol çekmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine Sammitde beýan edilen, GDA-nyň çäklerinde özara gatnaşyklary kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary seljermek hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak teklip edildi.

Sammitde gatnaşyklaryň dürli ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çözgütleriň birnäçesi kabul edildi.