milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz sebitiň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz sebitiň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
21.07.2022 533 Habarlar

21-nji iýulda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Gyrgyz Lideriniň Çolpon-Ata şäherinde ýerleşýän döwlet kabulhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Sadyr Žaparowyň duşuşygy geçirildi.

Soňra bäş döwletiň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi.

Dostlukly döwletleriň Prezidentleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek işinde sammitiň ähmiýetini bellediler. Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn çäreleri geçirmek, sebitiň ähli döwletleriniň rowaçlanmagyna, durnuklylygyna ýardam etmek maksady bilen, özara saparlary amala aşyrmak arkaly köptaraplaýyn gatnaşyklary toplumlaýyn ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi.