milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz şanly seneler mynasybetli tele we radioýaýlymlarda täsirli gepleşikleri guramagy tabşyrdy
Hormatly Prezidentimiz şanly seneler mynasybetli tele we radioýaýlymlarda täsirli gepleşikleri guramagy tabşyrdy
06.07.2019 369 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer B.Abdyýewa we medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip sebitiň we dünýäniň dürli döwletleri bilen medeni gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, zehinli sungat ussatlaryny ýüze çykaryp, olary dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmak, ýer ýüzüniň dürli döwletlerinden bolan medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek döwrüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny aýtdy.

Şeýle hem, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna we Halkara Bitaraplyk gününe, Täze ýyl baýramyna bagyşlap, tele we radioýaýlymlarda täsirli gepleşikleri guramak, teatrlarda merdana halkymyzy şöhratlandyrýan täze sahna hem-de aýdym-saz eserlerini görkezmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.