milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy
17.09.2022 371 Habarlar

16-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda şu duşuşygyň ýokary derejede guralandygy, myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, dünýäde kanunyň we ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň we ruhunyň mizemezliginiň, üýtgewsizliginiň goralmagyny hem-de üpjün edilmegini hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan umumy maksatlarynyň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ŞHG ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak mejlisinde Türkmenistanyň beýan etjek halkara başlangyçlary barada habar berdi.