milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Milli Goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygynyň duýdansyz barlagyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Milli Goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygynyň duýdansyz barlagyny geçirdi
14.06.2019 1137 Harby özgertmeler

13-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleriň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen, gije ýarymdan agansoň, degişli düzümleri dessin söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi.

Milli goşunymyzyň ähli şahsy düzümleri, söweşjeň uçarlary we dikuçarlar harby okuw-türgenleşik merkezlerine tarap ýörişi amala aşyrdylar.

Şu gezekki harby-taktiki türgenleşiklerde Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary, Guryýer goşunlarynyň harby bölümleri, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary şertli garşydaşy hem-de döwletimiziň çägine taşlanan diwersion toparlary zyýansyzlandyrmakda we ýok etmekde öz başarnyklaryny görkezdiler.