milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Sindzo Abe hat iberdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Sindzo Abe hat iberdi
02.07.2019 1135 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylmagy mynasybetli iberen gutlagyna jogap hatyny iberdi.

Özüniň jogap hatynda döwlet Baştutanymyz däp bolan dostlukly, birek-birege ynanyşmak we netijeli döwletara gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny we onuň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalarynyň, şeýle hem «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň çäklerinde ösdürilýändigini aýratyn belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Ýaponiýa hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze ugruny açyp, ykdysady bähbitlere, döwlet ösüşiniň we umumy abadançylygyň ileri tutulýan maksatlaryna laýyk gelýän özara peýdaly gatnaşyklara bolan ikitaraplaýyn ygrarlylygy has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.