milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze gurluşyklaryndaky işleriň barşy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze gurluşyklaryndaky işleriň barşy bilen tanyşdy
03.07.2019 506 Habarlar

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça milli Liderimiz ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasynyň şäheriň günorta böleginde bina edýän desgalaryny gözden geçirdi.

Täze gurulýan desgalaryň hatarynda Halkara kongres merkezi we kaşaň myhmanhana, Döwlet münberi, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň binalary bar.