milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Ankarada Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşýar
Hormatly Prezidentimiz Ankarada Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşýar
26.10.2023 602 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşýar. Forumyň öňüsyrasynda, döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy we ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň mawzoleýine we «Türkmenistan» seýilgähinde türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy wekili, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň Merkezi edara binasynda geçirilýän Türkmen-türk işewürlik forumynyň açylyş dabarasynda, şu duşuşykda hem netijeli we önjeýli gepleşikleri dowam etmegiň maksadalaýyklygy barada aýdyp, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hereketlere hil taýdan täze itergi berjek, mundan soňra ediljek bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynam bildirdi.