milli goshun logo
Hazarýaka ýurtlarynyň ministrleriniň we pudak ýolbaşçylarynyň duşuşyklary geçirildi
Hazarýaka ýurtlarynyň ministrleriniň we pudak ýolbaşçylarynyň duşuşyklary geçirildi
11.08.2019 569 Habarlar | Bitaraplygyň mekany

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlarynyň ministrleriniň we pudak ýolbaşçylarynyň duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda geçen ýyl Aktau şäherinde (Gazagystan) Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýanyň kabul edilmeginden soň, ykdysady gatnaşyklary berkitmek boýunça ýüze çykan aktual ýollary ara alyp maslahatlaşyldy.

Forumda Hazarýaka döwletleriniň transport hem-de ykdysadyýet ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň hem duşuşyklary geçirildi. Forumyň sessiýalaryna Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistanyň başga ministrliklerine we edaralaryna ýolbaşçylyk edýän ýokary wezipeli myhmanlar işjeň gatnaşdylar. Duşuşyklaryň jemleri boýunça Hazar sebitiniň köptaraplaýyn kuwwatyny rejeli ulanmak we ony durmuşa geçirmek boýunça ylalaşyklar gazanyldy.

«Milli goşun».