milli goshun logo
Harby ýöriş – jebisligiň nyşany
Harby ýöriş – jebisligiň nyşany
27.09.2019 2680 Harby özgertmeler

Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 28 ýyllyk baýramy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Sebäbi – Garaşsyzlyk ýurdumyzyň şan-şöhraty, milletimiziň milli buýsanjy. Dabaraly harby ýörişiň guramaçylyk işleri ýurdumyzyň ähli harby gullukçylary üçin mukaddes ýörelgä öwrüldi. Her ýyl Baş münberiň öňünde harby ýörişi geçirmek ýörelgesi bolsa, ýurdumyzyň her bir raýatynyň ýüreginde aýratyn täsir döredýär. Sebäbi Garaşsyzlygyň gazanylmagy – bu biziň köpasyrlyk taryha eýe bolan edermen halkymyzyň wysal bolan arzuwy.

Kemsiz taýýarlanylan bu ýöriş ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň goragynda sak duran milli goşunymyzyň hereketleriniň sazlaşygynyň üsti bilen edermen halkymyzyň bitewüligini we jebisligini alamatlandyrdy. Şu dabaraly günde Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramçylygy bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, mähriban halkymyzy we merdana ýurt goragçylaryny tüýs ýürekden gutlaýarys. Watan goragçylaryna şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişden ajaýyp pursatlar «Multimediýa» bölümimizde.

«Milli goşun».