milli goshun logo
Harby psihologlar ýaş esgerleri psihologik testlerinden geçirýärler
Harby psihologlar ýaş esgerleri psihologik testlerinden geçirýärler
09.01.2020 2058 Harby özgertmeler

Milli goşunymyzyň harby bölümleriniň harby psihologlary 2019-njy ýylyň güýzki çagyryş möwsüminiň dowamynda harby gulluga çagyrylan we Ýaragly Güýçlerimize täze alnan esgerleri psihologik testlerinden geçirýärler. Şular ýaly çäreler ýaş esgerleriň hakyky ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga we olary harby hünärler boýunça işe bellemäge kömek edýär.

Psihologiki seljeriş täze gelen esgerleriň harby gulluga uly höwes bilen gelendiklerini görkezdi. Harby psihologlar testleri iň kämil usullar arkaly amala aşyrýarlar. Olar esgerlere test geçirmek bilen çäklenmän, olar bilen ýörite gepleşikleri geçirýärler we olaryň dürli şertlerde özlerini alyp baryşlaryna syn edýärler.

Iň täze psihologik usullaryň ulanylmagy hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başlangyjy esasynda geçirilýän harby reformanyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň we harby gullukçylar üçin amatly gulluk şertleriniň döredilýändiginiň subutnamasydyr.

 «Milli goşun».