17-nji martda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan www.yashlar.gov.tm resmi web sahypasynda «Mirasym bar – sarpam bar» atly internet döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşikde ikinji baýrakly orna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Döwletgeldi Ilgeldiýew mynasyp boldy.
Bäsleşige işjeň gatnaşandyklary üçin
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň
başlygy, kapitan Döwran Abdyrasulow, şeýle hem harby talyp Kerim Baýgeldiýew gymmat
bahaly sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilen
bäsleşigiň ilkinji şertine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar watançylyk ýa-da millilik
temalary boýunça döredijilik eserini (makala, goşgy, hekaýa, tymsal) taýýarlap,
ony emin-agzalaryň garamagyna hödürlediler. Bäsleşigiň ikinji şertine görä,
bäsdeşler Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň web sahypasynda ýerleşdirilen
üç sany suraty öz sosial torlarynda paýlaşdylar.
Ýaşlar guramasynyň bu döredijilik bäsleşigi
ýaşlaryň milli däp-dessurlarymyza bolan hormatyny artdyrmak, ýaş zehinlileri
ýüze çykarmak we olary döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmak maksady bilen
geçirildi. Harby institutyň wekilleriniň bu bäsleşikde baýrakly orny eýelemegi
we işjeň gatnaşmaklary ýurdumyzda esasy üns merkezinde durýan harby bilimiň
ýokary derejededigini nobatdaky gezek subut etdi.
«Milli goşun».