milli goshun logo
Harby gullukçynyň ýaşaýyş-durmuş şerti – döwletiň üns merkezinde
Harby gullukçynyň ýaşaýyş-durmuş şerti – döwletiň üns merkezinde
15.10.2020 1730 Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mydama öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, «Watan goragçysy hiç zatda kemçilik çekmeli däldir, onuň azygy bol, egin-eşigi ýyly, tehnikasy–ýaragy gurat bolmalydyr». Milli Liderimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň harby gullukçylary özlerini Watanymyzy goramak boýunça konstitusion borjuny berjaý etmäge doly bagyş etmekleri üçin zerur bolan gulluk we ýaşaýyş şertleri, durmuş goraglylygy döredilýär. Bu bolsa hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döwletimiziň goranyş ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmak baradaky tabşyryklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilýändiginiň kepilidir.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda harby özgertmeleriň geçirilmegi bilen, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanandygyny bellemek gerek. Täze döwrebap harby bölümlerde häzirki zamana laýyk gelýän ähli amatlylyklar göz öňünde tutuldy, döwrebap türgenleşik abzallary oturdyldy, harby gullukçylaryň ähli zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin otaglar enjamlaşdyryldy. Täze harby tehnikalaryň toplumlaýyn satyn alynmagy, harby gullukçylaryň ýurdumyzda öndürilen, ähli talaplara laýyk gelýän milli harby lybaslar bilen yzygiderli üpjün edilmegi, harby bölümlerdäki ýokary hilli azyk üpjünçiligi – bularyň ählisi harby gullukçylaryň döwletiň hemişe üns merkezindedigini görkezýär.

Iýmit üpjünçiligini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, harby bölümleriň ählisinde zerur enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap aşhanalardyr naharhanalar, azyk ammarlary hereket edýär. Harby bölümleriň azyk üpjünçilik gulluklarynyň işiniň kämilleşmegi netijesinde iýmitiň dürlüligine, onuň hiline we ýokumlylygyna uly üns berilýär. Şunuň bilen birlikde, kaloriýalaryň mukdaryna we ähli nahar paýlarynyň talabalaýyklygyna berk gözegçilik edilýär.

Ählimiziň bilşimiz ýaly, şahsy düzümiň saglygyny goramakda we berkitmekde, harby taýýarlygy ýokary derejede saklamakda goşunyň iýmit üpjünçiliginiň dogry guralmagy esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň irginsiz aladasy netijesinde Ýaragly Güýçlerimiziň şahsy düzümi azyk önümleriniň ähli görnüşleri bilen ýokary derejede üpjün edilýär, harby bölümleriň naharhanalarynda taýýarlanylýan datly tagamlar esger saçagyny bezeýär. Esgerleriň naharlaryny baýlaşdyrmak maksady bilen ter, gaýnadylan we duzlanan gök önümlerden işdäaçarlar taýýarlanylýar, harby bölümleriň kömekçi hojalyklarynda ýetişdirilýän uglewodlara, beloklara we dürli witaminlere has baý hasaplanýan gök önümler we miweler bilen goşmaça üpjün edilýär.

Esger naharhanalarynyň naharsanawlary baý. Esgerleriň 1-nji naharyna çorbalaryň etli, gök önümli, tüwili, makaronly, teftelli, ýeralmaly, börekli, kelemli, şugundyrly ýaly onlarça görnüşleri, unaşlar berilýär. 2-nji naharlar, adatça, goýy naharlar bolup, bu naharsanawyna tüwili, makaronly palawlar, gowrulan ýeralma, dürli görnüşli podliwalar, püre, gaýnadylan tüwi, şüle, kotletler, buglanan kelem, gaýnadylan makaron we beýlekiler girýär. Esgerlere berilýän naharlary ýekeme-ýeke sanasaň, bu sanawy has uzaldybam bolar. Esgerlere möwsümleýin balyk çorbasy, balykly kotlet, gowrulan balyk ýaly balykly naharlar hem berilýär. Ter gök we bakja önümleri, olardan taýýarlanýan işdäaçarlar naharyň gapdalyndan kesgitlenen möçberde her gün berilýär. Dürli goşun görnüşleriniň harby gullukçylary üçin olaryň aýratyn zerurlyklaryna laýyklykda, azyk önümleriniň sanawy üýtgeýär.

Bularyň ählisi harby gullukçylaryň immuna goraglylygynyň ýokarlanmagyna täsir edýär, dürli gulluk wezipelerini ýerine ýetirmekde esgerleriň bedeniniň kuwwatlylygyny we onuň kämilleşmegini üpjün edýär.

Şeýle-de, esger naharhanalarynda naharlaryň taýýarlanyş usullaryna, sanitar-arassaçylyk kadalarynyň berk berjaý edilmegine uly üns berilýär. Datly tagamlaryň dürli görnüşlerini taýýarlamak harby aşpezleriň hünär ussatlygyny görkezýär. Olaryň hünäriniň kämilleşmeklerine döwürleýin guralýan okuw-usulyýet we hünär okuwlary, meýdan aşhanalarynyň toparlarynyň, harby gullukçy aşpezleriniň bäsleşikleri ýardam edýär. Esger-aşpezler tagam taýýarlamak işinde, esasan, milli aşpezlik däplerinden, hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» kitabyndan ugur alýarlar.

Harby bölümleriň naharhanalarynda tagamlaryň dürli görnüşleriniň taýýarlanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan ýörite gözükdirmeler, gollanmalar taýýarlanylyp, naharhanalarda işleýän hünärmen harby gullukçylara elýeterli edilýär. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde ýygy-ýygydan harby aşpezleriň arasynda hünär bäsleşikleri geçirilip, iň gowy harby aşpezler sylaglanylýar.

Azyk üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna täsir edýän zatlaryň ýene-de biri harby bölümleriň kömekçi hojalyklarynyň işini sazlaşykly guramakdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň tabynlygyndaky harby bölümleriň kömekçi hojalyklarynda iri şahly mallar, dowarlar, düýeler, guşlar, gulluk atlary, bal arylary idedilýär.

Azyk bolçulygyny döretmek boýunça harby bölümleriň kömekçi hojalyklaryndaky ýyladyşhanalarynda, ekin meýdanlarynda gök we bakja önümleri: ýeralma, sogan, kädi, pomidor, hyýar, şaly, limon we beýleki önümleri yzygiderli ösdürilip ýetişdirilýär.

Ýokarda bellenip geçilen ähli wezipeleriň ýerine ýetirilmegi harby bölümleriň ähli şahsy düzüminiň ýokumly iýmitler bilen doly üpjün edilip, olaryň sagdyn bolmagy, gulluk edýän we dynç alýan wagty hiç hili birahat bolmazlygy üçin zerur bolup durýar. Bu bolsa, hususan-da, esgerleriň ýokary söweşjeň ruhuny galkyndyryp, olaryň harby borjuny üstünlikli ýerine ýetirmegine uly itergi berýär.

«Milli goşun».