milli goshun logo
HARBY GULLUKÇYLARYŇ ÝÜREK OWAZLARY
HARBY GULLUKÇYLARYŇ ÝÜREK OWAZLARY
21.08.2022 798 Habarlar

Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynda “Serhet owazlary” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren «Jan Watanym, Türkmenistan!» atly edebi-sazly kompozisiýasy hem-de «Ýör, öňe Watan!» atly Bitarap Watanymyzy, türkmen halkynyň agzybirligini wasp edýän joşgunly aýdymy bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Gahryman Arkadagymyz döredijilik bilen meşgullanýan harby gullukçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň baý we gadymy medeniýetiniň bardygyny aýdyp, häzirki döwürde  täze-täze eserleri döretmek, ýaş döredijilik işgärlerini terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtady we harby gullukçylara geljekde hem döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.