Hojalyk müdiriýetinde öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagy harby we
hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümlerini zerur azyk önümleri bilen doly üpjün
etmäge mümkinçilik berýär hem-de olar ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň
berkidilmegine mynasyp goşant goşýar. Mundan başga-da, bu ýerde oba hojalyk
önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullary öwrenilýär,
olaryň görnüşlerini artdyrmak, ekerançylyk meýdanlaryny giňeltmek boýunça zerur
işler alnyp barylýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň döredilmegi azyk
bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, harby gullukçylaryň Diýarymyzyň
ekologiýa ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna mynasyp goşant goşmagyna
ýardam edýär. Degişli çäklerde ösdürilip ýetişdirilýän miweli we saýaly agaçlar
amatly howa gurşawynyň emele gelmegine mümkinçilik berýär.
Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde harby we hukuk goraýjy
edaralaryň Hojalyk müdiriýetine degişli ýer bölekleri bolup, olarda gök, bakja
ekinleri, ir-iýmişli baglar ösdürilip ýetişdirilýär. Ajaýyp tebigatymyzyň gözel
künjeklerinde, sahawatly türkmen topragynda, çeşme-çaýlaryň akabalarynyň
ugurlarynda dürli görnüşli miweli agaçlar ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerleriň
ekerançylyk we ir-iýmişli baglary ösdürmek üçin aýratyn ýaramlydygy ylmy taýdan
esaslandyryldy. Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman ylmy bilen
utgaşykly alnyp barylýandygyny görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen Hojalyk müdiriýetine
degişi ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän ter miwe önümlerinden dürli
mürepbeleriň, miweli içgileriň taýýarlanyp, olaryň harby gullukçylara berilýän
tagamlaryň sanawyna girizilýändigini bellemek gerek. Bu işler ýaş esgerleriň
ene topraga söýgüsini artdyrýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetine degişli ammarlar
hem-de sowadyjylar bolup, olaryň netijeli peýdalanylmagy tutuş ýylyň dowamynda
ter gök we miwe önümleri bilen üpjünçiligiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.