Diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna daýanýan
ýurdumyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän harby reformanyň
çäklerinde harby gullukçylaryň rahat dynç almaklary üçin iň gowy şertler
döredilýär. Şu nukdaýnazardan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda iki sany
pudaklaýyn myhmanhana – «Watançy» we «Merdana» ýerleşýär. Däp bolşy ýaly, bu
otellerde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri öz nobatdaky zähmet rugsatlaryny
geçirýärler.
Tomusky dynç alyş möwsüminiň gyzgalaňly wagtynda
bärde ruhubelentlik we şadyýanlyk höküm sürýär. Harby gullukçylar öz
maşgalalary bilen bilelikde Hazar deňziniň gözel kenarynda ýerleşýän harby we
hukuk goraýjy edaralaryň garamagyndaky rahat otelleriň ähli artykmaçlyklaryndan
peýdalanýarlar.
Otelleriň müşderilerine doly dynç almak üçin iň
gowy şertler döredilýär. Myhmanhanalar öz sagaldyş desgalaryna eýe bolup,
otaglary bolsa rahat mebel we gerekli bolan enjamlar bilen üpjün edilendir. Olara
degişli bolan meýdançada akwopark, howuzlar we sport desgalary gurulandyr. Bu
myhmanhanalarda dynç alýanlar üçin futbol, woleýbol, basketbol ýaly sportuň
dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikler bar.
– Bärde biz üçin döredilen ähli amatlyklar – ýapyk
we açyk howuzlar, fitnes zaly, fitobar, sauna, türk hammamy, massaž otaglary
bar. Bize ähli hyzmatlar iň ýokary derejede hödürlenýär. Bu bolsa hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň Watan goragçylary baradaky ägirt uly aladalarynyň miwesi
bolup durýar – diýip, «Merdana» otelinde maşgalasy bilen dynç alýan kapitan Merdan Saparow aýtdy.
«Milli goşun».