Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň
harby gullukçylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň arasynda
ýygy-ýygydan okuw sapaklaryny geçirip, olara halas edijileriň esasy
aýratynlyklaryny öwredýärler. Bu okuw sapaklarynyň esasy maksady esgerleri
gulluk wagtlarynda we ätiýaja gidenlerinden soň duýdansyz, adatdan daşary
ýagdaýlarda howsala düşmän dogry hereket etmäge taýýarlamaga gönükdirilendir.
Okuw-türgenleşiginde
ussat halas edijileriň ulanýan tejribe tärlerine we «tehniki howpsuzlyk» diýen
düşünjä has köp üns berilýär. Olaryň geçirilýän wagty tejribeli hünärmenler
dürli adatdan daşary ýagdaýlary mysal getirip, şeýle ýagdaýlarda harby
gullukçylara özlerini nädip alyp barmalydygyny we nähili hereket etmelidigini
düşündirýärler.
Okuw-türgenleşiginde
biziň ýurdumyzda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda, ýörite we önümçilik
desgalarynda hemme howpsuzlyk kadalarynyň nazara alynýanlygy, dünýäniň iň gowy
tejribesiniň ulanylýanlygy aýratyn nygtalýar. Adatdan daşary ýagdaýlaryň dörän
ýagdaýynda halas ediji gulluklaryň sazlaşykly işi üçin zerur bolan çäreleriniň
ählisi yzygiderli geçirilýär.
«Milli goşun».