milli goshun logo
HARBY GULLUKÇYLAR HAKYNDA AÝRATYN ALADA
HARBY GULLUKÇYLAR HAKYNDA AÝRATYN ALADA
21.08.2022 1077 Harby özgertmeler

Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynda serhetçileriň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary esgerleriň ýatakhanasyna baryp gördüler. Onda oňaýly dynç almak üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Göwnejaý enjamlaşdyrylan esger ýatakhanasynda harby gullukçylar üçin niýetlenen serişdeler bilen bir hatarda, olaryň harby we sport lybaslarynyň görnüşleri goýlupdyr. Ýeri gelende aýtsak, bu lybaslaryň ýurdumyzyň häzirki zaman ülňülerine laýyk enjamlaşdyrylan dokma toplumlarynda ekologiýa taýdan arassa çig maldan taýýarlanylandygyny aýratyn bellemek gerek.