milli goshun logo
Harby gulluga çagyryş: bu barada nämeleri bilmeli?
Harby gulluga çagyryş: bu barada nämeleri bilmeli?
20.03.2020 4849 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň web-saýtynyň üsti bilen harby gulluga çagyryş barada esasy bilmeli maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

Harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek, ýagny, ýaz möwsüminde – 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli hem-de güýz möwsüminde – 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň «Harby gulluk we harby borçlulyk hakyndaky» Kanunyna laýyklykda, harby gulluga 18 ýaşdan 27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar çagyrylýar.

Harby gulluga ugradyljak ýigitler bilen etrap hem-de şäher harby wekilliklerinde wagyz-nesihat duşuşyklary, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Raýatyň harby wekillikden harby bölüme ugradylan gününden harby gulluk başlanýar.

Esgerler öz ukyp-başarnyklaryna we raýat hünärlerine görä, harby bölümlere paýlanýarlar. Harby gullukda olara harby hünärler bilen birlikde, häzirki zaman harby tehnikalaryny dolandyrmak hem öwredilýär.

– Geljekki esgerlere harby gullukçylaryň gündelik şertlerine öwrenişmek hem möhümdir. Harby gullukçylar adaty gün tertibine görä, agşam sagat 22:00-da ýatyp, irden 06:00-da turýarlar. Esgerler ukudan turan dessine beden maşklaryny ýerine ýetirýärler, uzak aralyklara ylgaýarlar we turnikde göwresini çekýärler – diýip, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Parahat Baýmyradow gürrüň berýär.

Her bir esger üçin iň möhüm zat – islendik ýagdaýda Watan goragçysynyň belent derejesine mynasyp bolmakdyr. Bu onuň batyrgaý, ugurtapyjy we harby kasama wepaly bolmalydygyny aňladýar.

«Milli goşun».