milli goshun logo
Harby bölümlerde döredijilik bäsleşikleri geçirilýär
Harby bölümlerde döredijilik bäsleşikleri geçirilýär
31.01.2020 2036 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümlerinde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleriň arasynda «Iň gowy diwar gazeti», «Ylham joşguny» we «Iň gowy nyzam aýdymy» atly döredijilik bäsleşikleri geçirilýär.

Şeýle çäreleriň geçirilmegi esgerleriň döredijilik ukyplaryny açmaga, medeniýet sowatlylygyny ýokarlandyrmaga we gündelik harby durmuşynyň manyly geçmegine oňaýly täsir edip, gullukdaş ýoldaşlary bilen dil tapyşmaga kömek edýär we umumylykda şahsy düzümiň söweşjeň ruhuny berkidýär.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öz çykyşlarynda nygtap geçişi ýaly,  mukaddes Watanymyzyň territorial bitewiliginiň girewi hökmünde diňe ähli tarapdan ýokary bilimli, tehniki we gumanitar taýdan sowatly harby hünärmenler bolup bilýärler.

«Milli goşun.