milli goshun logo
Halkyň ruhubelentligi hem-de döredijilik ylhamy — Watanymyzyň Rowaçlygy
Halkyň ruhubelentligi hem-de döredijilik ylhamy — Watanymyzyň Rowaçlygy
18.09.2022 389 Habarlar

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler, seýisleriň, çapyksuwarlaryň zähmet we dynç alyş şertleri bilen tanyşdy.

Hormatly Arkadagymyz tejribeli seýis D.Saparow bilen söhbetdeş bolup, seýisçiligiň häzirki zaman usullary we seýsiň maşgala ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Soňra hormatly Arkadagymyz Garaşsyzlyk atly gyr bedewe atlanyp, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bilen ugurdaş gurlan binalar toplumyny we bu künjekden has-da gözel görünýän Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini synlady. 

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň 10 müň orunlyk stadionyna bardy we bu ýerde gurulýan desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de gurluşykda ulanylýan serişdeleriň hili bilen tanyşdy.