milli goshun logo
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar
09.03.2023 597 Habarlar

8-nji martda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda «Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk dabarasyna ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeşleri bar. Şeýle hem dabara Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň zenan işgärleri gatnaşdylar.

Bu gün gelin-gyzlaryň şanyna Halkara zenanlar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglar we iň gowy arzuwlar beýan edildi. Ene mähribanlygy, aladasy, ruhy jomartlygy üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.

Bu gezekki dabarada Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlaryny belent maksatlara ruhlandyrýan «Ýaşlara gutlag» atly täze aýdymy ýaňlandy.