milli goshun logo
Halkara nebitgaz forumy: energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge goşant
Halkara nebitgaz forumy: energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge goşant
25.10.2023 458 Habarlar

Şu gün — 25-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar. Däp bolşy ýaly, dünýäniň onlarça ýurdundan nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň ýüzlerçesi foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza ýygnandylar. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» korporasiýasy tarapyndan hem-de «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralýan bu serginiň we maslahatyň, olaryň çäginde guraljak iş duşuşyklarynyň geljegi uly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzyň ýangyç-energetika we nebitgaz pudaklarynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän täze maýa goýum taslamalary barada habarlylygyny artdyrjakdygy ikuçsuzdyr.

Paýtagtymyzda öz işine başlaýan 28-nji nebitgaz forumynda-da iri energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň binýatlyk ugry hasaplanýan nebitgaz pudagynyň ösüşine täsirini ýetirýän sebit we dünýä meýillerini ýakyndan ara alyp maslahatlaşyp, toplan tejribelerini birek-birek bilen paýlaşarlar.

Nebitgaz ugurly nobatdaky forum bolsa munuň üçin amatly meýdança bolup hyzmat eder. Energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň häzirki döwürde dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýandygy göz öňünde tutulanda, bu wajyp ugurda özara bähbitleriň deňagramlylygy esasynda guralýan deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmakda nobatdaky forumyň ähmiýeti uly bolar.