milli goshun logo
Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti
Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti
13.12.2019 1993 Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli uly baýramçylyk konserti boldy.

Mukamlar köşgüne Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Aşgabatda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri, ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti şanly sene mynasybetli ýaňlanan joşgunly waspnama bilen açyldy. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Arkadagly ýurduň Bitaraplygy» diýen aýdym belent ýaňlandy.

Soňra «Parahatçylyk buşlukçysy» diýen edebi aýdym-sazly kompozisiýa boldy. Ol çagalar we ýaşlar toparlarynyň gatnaşmagynda «Güneş» çagalar hor topary, «Aşgabat», «Aýjan», «Ruhubelent çagalar» we «Joşgun» tans toparlary tarapyndan ýerine ýetirildi.

«Galkynyş», «Näzli», «Laçyn», «Meňli», «Miras» we beýleki tans toparlary biri-birini çalşyp, ajaýyp sahna görnüşlerini emele getirdiler. Balkan welaýatynyň «Dehistan» tans topary dünýä derejesinde adamzat medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edilen joşgunly küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň belli estrada aýdymçylary hem-de konserte gatnaşyjylaryň ählisi bilelikde «Arkadagly ýurdum baky Bitarap!» atly aýdymy ýerine ýetirdiler, bu aýdymda çuňňur watançylyk, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşli we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyza buýsanç duýgulary ýaňlandy.