milli goshun logo
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisi
23.05.2023 915 Habarlar

22-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisini geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz gün tertibini yglan edip, şu mejlisiň dowamynda ýerlerde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri barada pikir alyşmak, öňümizde duran döwlet ähmiýetli çärelere, hususan-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, şeýle hem ýakyn günlerde galla ýygnamaga girişmek meseleleri, obadyr şäherleriň ýagdaýlary, geljek üçin öňde durýan wezipeler hakynda söhbetdeş bolmak kararyna gelendigini aýtdy.

Ýakyn günlerde Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem işine ak pata berler. Munuň özi hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer diýip, Milli Liderimiz belledi. Bu ugurda maksatlaýyn işler barha giň gerime eýe bolar. Munuň üçin döwletimiziň hem, gaznanyň hem serişdeleri ýeterlik diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de ösüp gelýän nesil baradaky aladanyň ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýandygyny ýene-de bir gezek belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisine gatnaşýan we Aşgabat şäherine hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän ýaşulularyň bu baradaky pikirlerini, maslahatlaryny diňledi.

Soňra hasabat bermek üçin Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işlerini dolandyryjy K.Babaýewe söz berildi.

Gahryman Arkadagymyz geçirilen giňişleýin we mazmunly söhbetdeşlik üçin ýaşululara minnetdarlyk bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, bu gün çagalarymyzyň geljegi hakynda özara pikir alşyldy. Bularyň ählisi biziň aýdyň ertirlerimiziň eýesi bolan çagalar hakynda hemmetaraplaýyn aladamyzyň güwäsidir. Şu işde ýaşululara aýratyn orun degişlidir.