milli goshun logo
Gullukdaş ýoldaşlar bilen hoşlaşyp
Gullukdaş ýoldaşlar bilen hoşlaşyp
24.06.2019 881 Harby özgertmeler

Wagtyň çalt geçäýşini diýsene! Ýaragly Güýçlerimiziň esgerleri agzybir toparda bary-ýogy iki ýyl gulluk etseler-de, özleriniň bagry badaşan harby bölümleri bilen hoşlaşyk pursatlary örän duýgulandyryjydyr. Olar harby durmuşynyň çäklerinde iň kyn we iň şatlykly birnäçe wakalary bilelikde başdan geçirdiler. Jebisligiň nämedigini öwrendiler. Indi ol süýji günler yzda galdy. Hoşlaşyk pursaty ýetip geldi...

Şeýle ajaýyp duýgular bilen çagyryş boýunça harby gullugy tamamlajak esgerler garaşylan arzyly güne ýetýärler. Ätiýaçlyga goýbermek baradaky Permanyň çykan güni harby bölümleri özboluşly bir ýagdaý gurşap alýar. Bir tarapdan esgerleriň öz maşgala ojaklaryna gowuşýandyklary begendiriji bolsa,  ynamly dostlaryň tapylan, durmuşyň gadyr-gymmatyna ýetiren harby bölümlerinden gitmek olar üçin tolgundyryjy wakadyr.

Harby bölümlerde çagyryş boýunça harby gullukçylary ätiýaçlyga goýberilýänligi mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär. Olarda serkerdeler düzümi çykyş edip, Watanymyzyň edermen goragçylaryna gullukda öwrenen zatlaryny ýatdan çykarmaň diýip öwüt-nesihat berilýär. Serkerdeler gullukda gazanan tejribeleriniň raýat durmuşynda mynasyp orun eýelemäge kömek berjekdigine ynam bildirip, harby gullugyny göreldeli alyp baryp, tapawutlanan esgerlere ýadygärlik sowgatlaryny we Hormat hatlaryny gowşurýarlar.

Soňra iň soňky däp – harby biletleriň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu gün gaty şatlykly gün bolsa-da, bular ýaly günüň ömrüňde ýekeje sapar bolýanyna gynanýarsyň.

«Milli goşun».