milli goshun logo
Geljekki Watan goragçylary üçin Täze ýyl baýramçylygy
Geljekki Watan goragçylary üçin Täze ýyl baýramçylygy
29.12.2019 1516 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Zehinli harby gullukçylardyr artistler harby okuwçylary dürli aýdymlardyr gülküli sahnalar bilen şatlandyrdylar.

Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli «Merdana nesiller» aýdym-saz topary dabaraly çäreleri ýurdumyzyň dürli harby bölümlerinde we harby wekilliklerinde  hem geçirýär. Zehinli aýdymçylardyr sazandalar dabaralaryň şatlygyny artdyryp, harby gullukçylara baýramçylyk şowhunyny sowgat berýärler.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirliginiň meýilnamasy boýunça baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli harby bölümleriniň Täze ýyl arçalarynyň ýanynda geçirilýär. Şunlukda, bu dabaralarda harby gullukçylaryň zehinlerini açmak üçin ähli şertler döredilýär.

 «Milli goşun».