milli goshun logo
Gallaçylaryň ýokary zähmet üstünligi — azyk bolçulygynyň kepili
Gallaçylaryň ýokary zähmet üstünligi — azyk bolçulygynyň kepili
10.07.2019 344 Habarlar

Türkmenistanyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Şu ýyl ýurdumyzda 760 müň gektar meýdana bugdaý ekildi. Galla oragynyň gyzgalaňly möwsüminde dünýäniň meşhur önüm öndürijileri bolan «CLAAS», «John Deere», «Case», «New Holland» kompaniýalarynyň galla ýygnaýan kombaýnlarynyň 2 müňe golaýy işledildi. Bu döwrebap tehnikalar gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işläp, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz hem-de çalt ýygnap almaga ýardam etdi.

Çörek halkymyz tarapyndan ruhy gymmatlyk hökmünde kabul edilýär. Ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň netijesi hemişe türkmenistanlylaryň bereketli saçaklarynyň bezegi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Munuň özi gün-günden barha kuwwatlanýan eziz Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygyň kepili, gadymy hem-de baky juwan türkmen topragynyň sahawatlylygynyň egsilmez çeşmesi bolup durýar.