milli goshun logo
«Ezber ýaş watançy»
«Ezber ýaş watançy»
19.04.2019 2618 Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamyny ösdürmek, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek işleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülýär. Bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek syýasatyndan ugur alyp, maksada okgunly nesli kemala getirmek,  olara döwrebap bilim-terbiýe bermek, geljekki mynasyp watan goragçylaryny ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly zerur işler yzygiderli alnyp barylýar. 2019-njy ýylyň 15-17-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň harby okuwçylarynyň arasynda «Ezber ýaş watançy» atly okuw dersleri we sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen bäsleşik hem şol asylly işleriň üstüni ýetirdi. Bäsleşik ýokary guramaçylykda geçirilip, ýaş watançylaryň kämilleşmegine itergi berip, olaryň her biriniň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bäsleşigiň netijesi boýunça Soltan Sanjar adyndaky 3-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň harby okuwçylary 1-nji orna, ýagny göçme kuboga mynasyp boldular.

«Milli goşun».