Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby
gullukçylary milli goşunymyzyň söweşjeň ukybyny ýokary derejede saklamak, ony
has-da kämilleşdirmek maksady bilen güýçli depginde türgenleşik işlerini yzygiderli
geçirýärler. Şol sebäpli-de olaryň saglyklaryny berkitmek we çydamlylygyny
artdyrmak üçin dogry we kadaly iýmitlenmek zerur bolup durýar. Munuň üçin bolsa
esger naharhanalarynda möwsümleýin naharsanawy göz öňünde tutulan.
Mysal üçin, tomus paslynda esgerlere gawun-garpyz
ýaly azyk önümleri hödürlenilýär. Bu bolsa adamyň bedenine gerek bolan
witaminleriň we mikroelementleriň üstüni ýetirýär. Öz bişiş möwsüminde gawun-garpyzlar
ýurdumyzyň ähli harby bölümleriniň naharhanalarynyň esger saçaklaryny bezeýär.
Gawun öz içinde wajyp mikroelementleri jemleýär.
Olaryň arasynda sink we kalsiý, glýukozanyň ýokary derejesini görkezmek bolar.
Gawun A, С, B we P witaminlerine hem baýdyr. Garpyz bolsa С, B, PP
witaminlerini, foliý kislotasyny, kaliý we magniý mikroelementlerini özünde
jemleýär.
Möwsüme görä, harby gullukçylaryň esger paýlarynyň
ýany bilen dürli miweler – üzüm, alma we ş.m, gök we bakja önümleri –
hyýar-pomidor we kelemli işdäaçarlar berilýär. Bulardan başga-da ýumurtga we esgerleri bütin günüň dowamynda energiýa bilen üpjün edýän başga beýleki
peýdaly witaminlere baý bolan iýmitler şahsy düzümiň iýmit üpjünçiligine
goýberilýär.
«Milli goşun».