milli goshun logo
Edermenligiň we watançylygyň mekdebi
Edermenligiň we watançylygyň mekdebi
14.11.2019 2165 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow goşuny döwrebaplaşdyrmak we özgertmek, onuň düzümlerini tutuş dünýäde Ýaragly Güýçlerine bildirilýän talaplara laýyk getirmek işine uly üns berýär. Şol nukdaýnazardan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde güýzki çagyryş möwsümi işjeň ýagdaýda dowam edýär.

Harby wekilliklerde şu ýylyň güýzki çagyryş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Raýatlar harby gulluga gitmezinden ozal, welaýat harby wekilliklerinde sanly lukmançylyk enjamlarynyň kömegi bilen lukmançylyk gözegçiliginden geçirilýär hem-de toparlara bellenilip, harby gulluga çagyrylmaga degişli raýatlara çagyryş hatlary gowşurylýar. Şol sene-de bolsa, raýatlar welaýat ýygnanyşyk nokadyna jemlenýärler we harby bölümlerden gelen wekiller olary kabul edip, demir ýol menzilinde harby bölümlere dabaraly ýagdaýda ugradylýar.

Şeýle dabaralaryň biri hem Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Medeniýet öýünde geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köp sanly goşun kysymlarynyň – motoatyjylar, tankçy esgerler, aragatnaşykçylar we artilleriýa goşunlarynyň harby gullukçylary hem-de «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparynyň harby gullukçylary gatnaşdylar. Çäräniň esasy maksady iki ýyl gulluk eden esgerleri uly ruhubelentlikde öýlerine ugratmakdan we harby gulluga indi gelmeli raýatlaryň watançylyk ruhuny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Dabaranyň dowamynda gulluk döwründe aýratyn tapawutlanan esgerlere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabarada çykyş edenler çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlap, öý-ojagyna barýan esgerlere durmuş ýollarynda şowlulyklary arzuw etdiler.

Soňra sahnada zehinli harby gullukçylar – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň aýdymçylarydyr sazandalary hem-de Gökdepe etrabynyň Medeniýet öýüniň tans toparlary we aýdymçylary çykyş etdiler.

«Milli goşun».