milli goshun logo
Dünýäniň iň beýik binasynyň ýüzünde türkmen baýdagynyň şekili janlandyryldy
Dünýäniň iň beýik binasynyň ýüzünde türkmen baýdagynyň şekili janlandyryldy
30.09.2019 2224 Habarlar

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli BAE-niň Dubaý şäherindäki dünýäniň iň beýik binasy bolan «Burj Halyfa» binasynyň ýüzi ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekiline beslendi. Örän täsirli görnüş beýikligi 828 metrlik binany türkmen gölleri we bäşýyldyzly ýarymaýy şekili bilen öwüşgin atýan al-ýaşyl sütüne öwürdi. Munuň özi dostlugyň we doganlygyň özboluşly hem-de aýdyň alamaty boldy.

Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň öňden gelýän we iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr. Dürli ugurlarda, şol sanda işewürlik düzümi boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Emirligiň işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge gyzyklanmasy artýar.

Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty, ýurdumyzda senagatlaşdyrmaga hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň esasynda diwersifikasiýalaşdyrylan döwrebap senagat düzümini kemala getirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary we taslamalary bilen baglydyr.