milli goshun logo
Döwletliler köşgüniň çagalary üçin welosipedler — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgady
Döwletliler köşgüniň çagalary üçin welosipedler — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgady
31.10.2019 603 Habarlar

30-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary milli Liderimiziň adyndan çagalara ajaýyp sowgatlary — welosipedleri gowşurmak üçin Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşen Döwletliler köşgüne bardylar.

Täze nusgadaky welosipedler ozal döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hormatyň hem-de milli we halkara sport hereketini ösdürmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde sowgat berlipdi. Olary çagalara gowşurmak karary — hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil, Watanymyzyň geljegi hakynda atalyk aladasynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň ähli çagalarynyň atalyk aladasy bilen gurşalandygy üçin Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildiren çagalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglygyny, uzak ömür, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýeri gelende aýtsak, welosipedleriň ýene-de ikisini milli Liderimiz Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Prezident muzeýi bölümine hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze gurulýan binasynda ýerleşdiriljek muzeýe gowşurdy.