milli goshun logo
Döwlet sirkinde Täze ýyl mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi
Döwlet sirkinde Täze ýyl mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi
31.12.2019 2139 Harby özgertmeler

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylary we olaryň maşgala agzalary üçin aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guraldy. Täsirli tomaşalar Watan goragçylary üçin Täze ýylyň bosagasynda ajaýyp sowgat boldy.

Döwlet sirkiniň bosagasyndan gireniňden, eýýäm Täze ýylyň jadylaýjy alamatlary baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Sirkiň manežinde gülküli sahnalar we aýdym-sazlar bilen zehinli artistlerdir sazandalar çykyş edip, tomaşaçylaryň göwünlerini galkyndyrdylar.

Harby gullukçylaryň lybaslaryny geýip, Watanymyzy, Täze ýyl baýramyny wasp edýän aýdymlary we goşgulary ýerine ýetiren körpejelerimiziň çykyşlary bolsa has-da özüne çekiji boldy. Dabaranyň jemleýji pursatlarynda harby gullukçylaryň çagalaryna Aýazbabanyň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Täze ýyl sowgatlary çagalaryň göwün guşlaryny ganatlandyrdy.

«Milli goşun».