milli goshun logo
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşdy
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşdy
01.09.2022 645 Habarlar

1-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan foruma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu guramanyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi we birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Mekan» köşgüne gelmegi şatlykly waka öwrüldi. Arkadagly Serdarymyzyň gurultaýyň işine gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Şeýlelikde, nobatdaky gurultaý türkmen ýaşlarynyň döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşendiginiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň bagtyýar şu gününiň we nurana geljeginiň bähbidine onuň köptaraply mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge höwesiniň aýdyň beýanyna öwrüldi.