milli goshun logo
Doganlyk halklaryň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňeldilýär
Doganlyk halklaryň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňeldilýär
21.01.2023 344 Habarlar

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şol söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewi doglan güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, bagt we Tatarystanyň ösüşiniň, doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.