milli goshun logo
«Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi
«Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi
12.10.2022 429 Habarlar

11-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi açyldy. Paýtagtymyzyň häkimligi bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guran çäresi Aşgabat şäherini «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde geçirilýär.

Gözden geçirilişe eksponentleriň onlarçasy, şol sanda binagärlik we gurluşyk ulgamynda ýöriteleşdirilen meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Ýaýbaňlandyrylan işleriň giň gerimliligini beýan etmek üçin sergide edara binalarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanly nusgalarydyr çyzgylary ýerleşdirildi.

Serginiň çäklerinde Aşgabadyň Modalar öýüniň hem-de ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň synag önümhanalarynyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze lybaslaryň toplumy görkezildi.

Günüň ikinji ýarymynda «Dizaýn — 2022» forumy geçirildi. Oňa ýaş we tejribeli binagärler, şäher gurşawynyň dizaýn ulgamynda işleýän hünärmenler, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşyga daşary ýurtlardan gatnaşýanlaryň hatarynda Türkiýeden, ABŞ-dan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan wekiller bar. Şäherleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek işinde hem-de olaryň maýa goýumlar babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmakda binagärligi we dizaýny netijeli ulanmak üçin şertleri döretmek şu forumyň esasy meseleleriniň biridir.