milli goshun logo
Deputatlaryň garamagyna «Türkmen edermen» medalyny döretmek hakynda Kanunynyň taslamasy hödürlendi
Deputatlaryň garamagyna «Türkmen edermen» medalyny döretmek hakynda Kanunynyň taslamasy hödürlendi
30.11.2019 1907 Harby özgertmeler

30-njy noýabrda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi.

Mejlisiň dowamynda deputatlaryň garamagyna «Türkmen edermen» medalyny döretmek hakynda Kanunynyň taslamasy hödürlendi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen esaslandyrylan bu döwlet sylagy harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň döwlet Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewiligini we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny goramakda görkezen şahsy edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin berilýär.