milli goshun logo
«Daşkent» dynç alyş seýilgähi – mizemez türkmen-özbek dostlugynyň ýene bir aýdyň nyşany
«Daşkent» dynç alyş seýilgähi – mizemez türkmen-özbek dostlugynyň ýene bir aýdyň nyşany
22.10.2022 657 Habarlar

Prezidentler Serdar Berdimuhamedowwe Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda gurlan «Daşkent» dynç alyş seýilgähiň açylyş dabarasy gatnaşdylar.

Seýilgähiň dizaýnynda milli özbek bezegçiliginiň hem-de binagärliginiň äheňleri ulanyldy. Bu ýerde amatly dynç almak hem-de maşgala bolup boş wagty gyzykly geçirmek üçin ähli şertler göz öňüne tutulandyr.

Şeýle-de, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew göni wideoaragatnaşyk arkaly Daşoguz welaýatynyň çäginde bolan Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň – Söwda merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşýarlar.

Soňky ýyllarda iki ýurduň sebitleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň arasynda göni döwletara hyzmatdaşlygy has işjeňleşdirildi.

Şeýlelik-de bu ýerde umumy bähbitlere laýyk gelýän türkmen-özbek serhetýaka söwda gatnaşyklaryny işjeň ösdürmek üçin häzirki zaman ugurdaş düzümi dörediler.