milli goshun logo
Däne oragynyň depginleri artýar
Däne oragynyň depginleri artýar
21.06.2019 2514 Habarlar

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ekerançylary galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryna üstünlikli hötde geldiler.

Etrabyň kärendeçileri 11 müň 443 gektardan 23 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaý ýygnadylar. Galla ýetişdirmek işiniň barşynda agrotehniki çäreleriň takyk ýerine ýetirilmegi, däne ýygnaýan hem-de ulag toplumynyň ähli düzümleriniň guramaçylykly işledilmegi gazanylan üstünligiň özenini düzdi.

Etrabyň daýhanlarynyň zähmet ýeňşine Osman Söhbedow adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetkeşleri has uly goşant goşdular. Bu ýerde kärendeçileriň 800-den gowragy güýzlük bugdaýy ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar.

2 müň gektardan gowrak ýere bugdaý ekilen meýdanda bitginli hasyl ýetişdirildi hem-de Watan harmanyna şertnamalaýyn borçnama boýunça 4 müň 590 tonna derek, 5 müň 680 tonnadan gowrak däne tabşyryldy. Munuň özi 1 müň 100 tonna barabar dänäniň meýilnamadan artyk tabşyrylandygyny aňladýar. Her gektaryň hasyllylygy 28 sentnere deň boldy.