Aýdym-sazyň
gelip-çykyşy, döreýşi we kämilleşmesi adamzadyň aňynyň ösüşi bilen aýrylmaz
baglanyşykly. Şonuň ýaly harby aýdym-sazlar hem öz gözbaşyny gadymyýetden alyp
gaýdýar. Asyrlaryň dowamynda söweşijileri ýeňşe ruhlandyrmakda, watançylyk
duýgularyny artdyrmakda olar wajyp orny eýeläpdir. Goşunbaşylar söweşde ýeňiş
gazanmak, garşydaşdan üstün çykmak we birnäçe müň söweşijiden ybarat bolan
goşuny bir adam ýaly dolandyrmak maksady bilen, dürli taktiki tilsimler bilen
bir hatarda, saz gurallaryny hem ulanypdyrlar. Edermen pederlerimiziň söweşe
çykanlarynda esgerleriň ruhuny galdyrmak üçin ýany bilen tuglary, şol sanda saz
toparlaryny alandyklary baradaky maglumatlar şöhratly geçmiş taryhymyzda
saklanýar. Deprekleriň gök gümmürdisini ýadyňa salýan sesleri, surnaýlaryň
ýürekleri endiredýän owazy türkmenleriň güýç-gaýrat we ylham çeşmesi bolupdyr.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Ir
döwürlerde harby aýdym-saz topary goşunda uly ähmiýete eýe bolupdyr» diýip
jaýdar belleýär.
Nyzam aýdymlary nyzam taýýarlygynyň aýrylmaz bölegidir.
Serkerde A.W.Suworow: «Aýdymsyz nyzamy ýaragsyz esgere deňeýärin» diýipdir.
Watançylyk äheňdäki nyzam aýdymlary bolsa, harby gullukçylarda özüne ynamlylyk,
wepalylyk, batyrgaýlyk, edermenlik häsiýetlerini terbiýelemekde oňaýly täsire
eýedir. Milli goşunymyzda goşun görnüşleriň hersiniň aýratynlyklaryna
laýyklykda nyzam aýdymlary döredilip, ony esgerler buýsanç bilen ýerine
ýetirýärler. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestri,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana
nesiller» aýdym-saz topary ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda ata
Watanymyzy goramaga we
beýgeltmäge ruhlandyrýan täze aýdym-sazlary taýýarlaýarlar.
Ýeri
gelende aýtsak, ýakynda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilen Watan
goragçylarynyň gününde harby orkestriň ajaýyp sazlary parahatçylyk simfoniýasy,
watansöýüjiligiň belent mukamy bolup ýaňlandy.
Sonagül Ataýewa,
kapitan.