milli goshun logo
Dabaraly harby ýörişde täze häzirki zaman harby tehnikalary
Dabaraly harby ýörişde täze häzirki zaman harby tehnikalary
27.09.2019 1818 Harby özgertmeler

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli geçirilen harby ýörişde görkezilen iň täze harby tehnikalarynyň nusgalary Watanymyzyň milli goşunynyň maddy-tehniki binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Baş münberiň öňünden dürli goşun görnüşleriniň harby tehnikalardan düzülen hatarlary yzygiderlilik bilen geçip gitdiler.

Harby ýörişde görkezilen, ähli şertlerde söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenen iň täze harby awtoulaglar, sowutlanan harby tehnikalar we asmana atyjy raketa toplumlary hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak baradaky aladalarynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli geçirilen ýörişde görkezilen harby tehnikalarynyň suratlaryna has giňişleýin «Multimediýa» bölümimizden synlap bilersiňiz.

«Milli goşun».