milli goshun logo
Çagyryş möwsümine badalga berildi
Çagyryş möwsümine badalga berildi
14.10.2019 1270 Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permany esasynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki harby wekilliklerde 2019-njy ýylda harby gulluga çagyrylyşyň güýzki möwsümi gyzgalaňly alnyp barylýar.

Türkmenler ata-babalarymyzdan gelýän edermenlik, mertlik we Watanyny goramaga hemişe taýynlyk ýaly asylly häsiýetleri şu güne çenli saklap gelipdirler. Bu däpler esasynda her bir türkmen maşgalasynda Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda gulluk etmek mukaddes borç hasaplanýar, ony şu günki günde türkmen ýaşlarynyň goşun gullugyna bolan gyzyklanmalaryndan hem görmek bolýar.

Häzirki wagtda «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny esasynda geljekde Watan goragynyň mizemez sütüni boljak esgerler lukmançylyk gözegçiliginden geçýärler, psihologik taýdan seljerilýär, şondan soňra iş topary olaryň başarnyklaryny, ruhy-psihologik häsiýetlerini we goşun görnüşleri boýunça isleglerini nazara alyp, çagyryş boýunça harby gulluga kabul edýär.

Şu ýerde bellemeli zatlaryň biri «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasynyň 1-nji bölüminiň 3-nji bendinde görkezilişi ýaly, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan raýatlara (ozal şeýle okuwda okamadyk bolsalar) 26 ýaşy dolmazlyk şerti bilen, okuwyň möhletine barabar çagyryş möhletini yza süýşürmek mümkinçiligi berilýär. Internaturalar, aspiranturalar, doktoranturalar Kanun boýunça harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmäge esas bermeýär.

Eger-de harby gulluk bilen bagly soraglaryňyz bar bolsa, web-saýtymyzyň «Harby hukuk» bölüminde «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny bilen dolulygyna tanşyp, jogap tapyp bilersiňiz. «Sorag-jogap» bölüminden bolsa harby gulluk barada ýygy-ýygydan berilýän soraglaryň jogaplary bilen tanşyp bilersiňiz. Şeýle hem web-saýtymyzyň «Habarlaşmak üçin» penjiresinden harby gulluga degişli özüňizi gyzyklandyrýan soraglaryňyzy ýollamagyňyza garaşýarys!

«Milli goşun».